Merkezi Aziýada Kanunyň Hökmürowanlygy Maksatnamasy , Özbegistan bilen baglanyşykly Ýewropa Geňeşiniň iki hyzmatdaşlyk maksatnamasyndan biridir. Şeýle hem bu döwlet, Ýewropa Bileleşigi we Ýewropa Geňeşiniň “Latyn Amerika, Merkezi Aziýa we Mongoliýa ýurtlarynda saýlaw kanunçylygynyň we tejribesiniň, Adam hukuklary sebitleýin gurallarynyň we mehanizmleriniň özgertmelerine goldaw” atly bilelikdäki maksatnamasyna gatnaşýar.

Hyzmatdaşlyk Maksatnamalaryndan başga-da Özbegistan özüniň kanunçylyk inisiatiwalarynyň sany barada Wenesiýa Komissiýasynyň pikirini sorady.

Habarlar

Back Merkezi Aziýada Kanunyň hökmürowanlygy boýunça maksatnamasynyň Sebitleýin dolandyryjy komitetiniň Ikinji mejlisi

Merkezi Aziýada Kanunyň hökmürowanlygy boýunça maksatnamasynyň Sebitleýin dolandyryjy komitetiniň Ikinji mejlisi

ÝB-niň we Ýewropa Geňeşiniň bilelikdäki Merkezi Aziýada Kanunyň hökmürowanlygy boýunça maksatnamasynyň çäklerinde Sebitleýin dolandyryjy komitetiň ikinji mejlisi 2023-nji ýylyň 26-27-nji iýunynda Gazagystanyň Astana şäherinde geçirildi. Mejlisiň maksady ýetilen sepgitleriň hem-de 2024-nji ýylyň iýunyna çenli uzaldylan maksatnamanyň çäklerinde ýene-de ýetip boljak sepgitleriň netijelerini çykarmakdan we bilelikdäki tagallalar arkaly Maksatnamanyň çäkleriniň daşynda ýerine ýetirip boljak işleri öwrenmekden ybaratdy.

Çärä Merkezi Aziýanyň milli hyzmatdaş guramalarynyň, şol sanda degişli ministrlikleriň, Konstitusion we Ýokary kazyýetleriň, Ombudsmenleriň, hukuk goraýjy edaralaryň, korrupsiýa garşy edaralaryň we hukukçylary taýýarlamak boýunça milli bilim edaralarynyň 60-a golaý wekili gatnaşdy.

Açylyş çykyşy bilen Ýewropa Bileleşeginiň Gazagystan Respublikasyndaky ilçisi Kestutis Ýankauskas, Ýewropa Geňeşiniň maksatnamalaryny utgaşdyrmak boýunça müdir Tastemir Abişew, Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Ynsan hukuklary boýunça Komissiýasynyň sekretary Ruslan Bekbolotow, Gazagystan Respublikasynyň Fransiýadaky Ilçihanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Saýfiddin Soroýzada, Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň Ýerine ýetiriji edarasynyň hukuk meseleleri boýunça kömekçisiniň edarasynyň geňeşçisi Nozimbek Rustambekow, Özbegistan Respublikasynyň Ýustisiýa ministrligi çykyş etdiler.

Diňe 2022-nji ýylyň dowamynda Ýewropa Geňeşiniň ynsan hukuklary, kanunyň we demokratiýanyň hökmürowanlygy ugrundaky aýratyn tejribesini we gurallaryny ulanyp, Maksatnamanyň çäklerinde 56 ikitaraplaýyn we 7 sebitleýin çäre geçirildi. Maksatnama öz içine dürli çäreleri aldy, olaryň arasynda kanunçylyklara we syýasatlara syn geçirmek, ýöriteleşdirilen okuw serişdelerini taýýarlamak, hukuk we hukuk goraýjy edaralaryň hünärmenlerine gönükdirilen mümkinçilikleri ösdürmek boýunça çäreler, mowzuklaýyn konferensiýalar, habardarlygy ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahatlary we sebitleýin alyş-çalşyklar bar. Açylyş dabarasynyň dowamynda Klaus Noýkirhiň belläp geçişi ýaly, gatnaşyjylaryň derejesi hem-de bu çärelerde gazanylan netijeler Maksatnamanyň Merkezi Aziýadaky hyzmatdaşlary üçin çäreleriň şu günki wajyplygyny nygtaýandyr.

Şeýle hem, Klaus Noýkirh “Ýewropa Bileleşigi bilen bilelikdäki tagallalar sebitdäki beýleki degişli çäreler bilen utgaşyklygyny we sinergiýasyny üpjün etmek üçin dowam etdiriler” – diýip belläp geçdi.

Kestitis Ýankauskas Maksatnamanyň 2024-nji ýylyň iýunyna çenli uzaldylandygyny habar berip, şuny belläp geçdi: “bu bize şu günki günde ýeten üstünliklerimizi has-da ösdürmäge we siz tarapdan beýan edilen zerurlyklara jogap bermäge mümkinçilik berer. Uzakmöhletleýin geljekde Ýewropa Bileleşigi we Ýewropa Geňeşi sebitiň bähbidi üçin sebitde ynsan hukuklaryny, kanunyň hökmürowanlygyny we demokratiki dolandyryşy  öňe sürmek boýunça bilelikdäki işlerine dowam ederler”.

Gatnaşyjylar 2020-nji ýylda Merkezi Aziýada Kanunyň hökmürowanlygy boýunça Maksatnama başlanyndan bäri köp sanly üstünlikleri garşy aldylar we şu aşakdakylar boýunça anyk tekliplerini paýlaşdylar:

  • umumy hukuk gurşawyny ädimleýin döretmek bilen bagly işleriň gerimini giňeltmek we Ýewropa Geňeşiniň Merkezi Aziýa üçin şu gün wajyp bolan konwensiýalaryny işjeň öňe sürmek;
  • Hukuk hünärmenleri üçin ynsan hukuklary ugrunda Ýewropa bilim maksatnamasynyň (HELP) çäklerinde işlenip taýýarlanan aýratyn okuw gurallarynyň kömegi bilen hukuk hünärmenlerine (kazylar, prokurorlar, aklawjylar) ýörite üns bermek bilen ynsan hukuklary ugrunda standartlaryň netijeli girizilmegine goldaw bermäge dowam etmek;
  • Korrupsiýanyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek hem-de bikanun pullary kanunylaşdyrmaklyga/terrorçylygy maliýeleşdirmeklige garşy göreşmek boýunça tagallalara dowam etmek;
  • Konstitusion reformalary we Wenesiýa komissiýasynyň goldaw bermeginde hukugyň hökmürowanlygy ýörelgelerine laýyklykda kazyýet ulgamynyň garaşsyzlygyny öňe sürmek;
  • Umumy gyzyklanmany beýan edýän meseleler boýunça “deň-deňe” sebitleýin torlaryň döredilmegine goldaw bermek.

Ýewropa Bileleşigi we Ýewropa Geňeşi kanunyň, demokratiýanyň we ynsan hukuklarynyň hökmürowanlygynyň ýörelgelerine bolan ygrarlylygyny ýene bir sapar tassykladylar; olar bu ugurda netijeli hyzmatdaşlyga dowam ederler.

Redaktorlar üçin bellikler

Merkezi Aziýada kanunyň hökmürowanlygy boýunça Maksatnama (2020-2023) – bu bilelikdäki sebitleýin maksatnama bolup, Ýewropa Bileleşigi we Ýewropa Geňeşi tarapyndan bilelikde maliýeleşdirilýär we Ýewropa Geňeşi tarapyndan amala aşyrylýar. Maksatnamanyň baş maksady ýewropa we beýleki halkara standartlara laýyklykda ynsan hukuklarynyň, demokratiýanyň we kanunyň hökmürowanlygyny berkitmek arkaly raýatlaryň ýaşaýşyny gowulandyrmakdyr. Maksatnamanyň esasynda her bir aýry ýurduň aýratynlyklaryny we zerurulyklaryny göz öňünde tutýan çemeleşme bardyr.

Maksatnama şu ugurlary öz içine alýar: (1) Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň arasynda umumy hukuk gurşawyň döredilmegine we ynsan hukuklarynyň goralmagyny güýçlendirmeklige goldaw bermek; (2) işewürligiň aýdyň bolmagyna we ykdysady jenaýatlara garşy göreşmeklige goldaw bermek; (3) döwlet edaralarynyň we döwlet dolandyryşynyň netijeli işlemegine goldaw bermek.

Ýewropa Geňeşi – öz düzümine 46 agza ýurdy alýan, kontinentiň öňdebaryjy hukuk goraýjy guramasydyr. Ýewropa Geňeşiniň ähli agza ýurtlary ynsan hukuklaryny goramaklyga, demokratiýa we kanunyň hökmürowanlygyna gönükdirilen Ýewropanyň ynsan hukuklary boýunça Konwensiýasyna gol çekendirler.

Habarlaşmak üçin

Ameli Lepinar, Merkezi Aziýada Kanunyň hökmürowanlygy boýunça maksatnamasynyň utgaşdyryjysy

Adela Doltu, Merkezi Aziýada Kanunyň hökmürowanlygy boýunça maksatnamasynyň Aragatnaşyk meseleleri boýunça kömekçisi

Nikola Françesketti, Merkezi Aziýada Kanunyň hökmürowanlygy boýunça maksatnamasynyň Maksatnamalar boýunça dolandyrjysy

 

For more information:

 


Image Gallery

Astana, Gazagystanyň 2023-nji ýylyň 26-27-nji iýunynda
  • Diminuer la taille du texte
  • Augmenter la taille du texte
  • Imprimer la page