Işleýän ýerimiz

Merkezi Aziýada Kanunyň Hökmürowanlygy Maksatnamasy (2020-2024*), Merkezi Aziýa döwletleriniň (Gyrgyzystan, Gazagystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan) häkimiýetleri, Ýewropa Geňeşi we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky işdeşlik esasynda hyzmatdaşlyk başlangyjydyr.

Maksatnama Merkezi Aziýa ýurtlarynda, talap bildirme esasynda, özgerdiş işlerinde kömek teklip etmek arkaly Ýewropa we beýleki halkara standartlara laýyklykda adam hukuklaryny, hukuk düzgünlerini we demokratiýany güýçlendirmegi maksat edinýär. Maksatnama esasy üç hereketden ybarat:

  1. Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň arasynda Ählumumy Kanuny Giňişligini döretmegi ýeňilleşdirmek we adam hukuklarynyň goragyny güýçlendirmek;
  2. Ykdysady jenaýata garşy çäre we aýdyňlygy ýokarlandyrmak;
  3. Döwlet edaralarynyň we döwlet dolandyrylyşynyň işleýişini ýokarlandyrmak.

Maksatnamanyň çäreleri adam hukuklary çemeleşmesine eýerýär we çäreleriň häsiýetine bagly, raýat jemgyýetiniň hemmetaraplaýyn gatnaşygynyň durmuşa geçirilişine göz ýetirmek, jyns akymyny ileri tutmak, kemsitmezlik ýaly möhüm meseleleri göz öňünde tutýar.

Häzirki Maksatnama Ýewropa Bileleşigi (EUB) bilen Ýewropa Geňeşiniň arasynda köpden bäri dowam edip gelýän hyzmatdaşlygyň bir bölegi bolup, Ýewropa Geňeşiniň goňşy sebitler baradaky syýasatyna we Ýewropa Bileleşiginiň (EUB) Merkezi Aziýa degişli strategiýasyna laýyk gelýär.

 


* Maksatnamanyñ möhleti 2024-nji ýylyñ Iýun aýyna çenli uzadyldy.