Ýewropa Geňeşi Ýewropa Bileleşiginiň/Ýewropa Geňeşiniň bilelikdäki Merkezi Aziýada kanunyň hökmürowanlygy Maksatnamasynyň çäklerinde Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Türkmenistanda we Özbegistanda çäreleriň guramaçylygyna logistiki goldaw berjek hyzmatlary berijileri gözleýär.
Hyzmatlary berijiler bäş Merkezi Aziýa ýurtlarynda çäreleri guramak boýunça dürli hyzmatlary bermek boýunça şertnamalary baglaşmaly.
Has jikme-jik maglumat üçin her bir ýurda degişliligi boýunça Hyzmatdaşlyk namasyny (Act of Engagement) we Tender resminamalary bilen tanyşmagyňyzy haýyş edýäris (resminamalaryň ikisi hem diňe iňlis dilinde):
- Gazagystan no. 2023AO46
- Gyrgyzystan no. 2023AO47
- Täjigistan no. 2023AO48
- Türkmenistan no. 2023AO49
- Özbegistan no. 2023AO50
Tender ýüz tutmalary Ýewropa Geňeşine elektron görnüşde iberilmeli. Berilmeli ähli zerur resminamalar, Tender resminamalarynda beýan edilen.
Elektron nusgalar diňe [email protected] elektron salgysyna iberilmeli, hatyň temasynda Tender resminamalarynda berlen tender belgisi görkezilmeli. Başga elektron poçtalaryna iberilen tender ýüz tutmalary hasaba alynmaz. Tender ýüz tutmasyny ibermegiň soňky möhleti 2023-nji ýylyň 13-nji iýuny 23:59 CET (Merkezi Ýewropa wagty).