Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda Umumy Kanuny Giňişligini döretmek we adam hukuklaryny goramak

Ýewropa (kontinental) we merkezi Aziýanyň hukuk sistemalary taryhy taýdan umumy köklerden gelip çykanlygy sebäpli, köp babatda meňzeşligine galýar. Bu çäreniň strategiki maksady, Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda, Ýewropa we halkara standartlara esaslanýan Umumy Kanuny Giňişligini döretmek prosesine başlamak. Bu çäräniň iki sany goşmaça komponenti bar: Ýewropa Geňeşiniň konwensiýalaryna düşünmek we bilim arkaly adam hukuklarynyň goralmagyny güýçlendirmek. Ikinji komponent, Hukukçy hünärmenler üçin adam hukuklary boýunça okuw makstanamasynyň (HELP) çäginde amala aşyrylýar.

ÝEWROPA GEŇEŞINIŇ KONWENSIÝALARY BARADA HABARLYLYGY ARTDYRMAK

Ýewropa Geňeşiniň konwensiýalary adam hukuklaryny, demokratiýany we kanunyň hökmürowanlygyny berkitmek, şeýle hem Umumy-Ýewropa derejesinde we onuň daşynda umumy hukuk çäklerini ösdürmek üçin möhüm salgylanma hasaplanýar. Şonuň üçin Merkezi Aziýada milli guramalaryň we raýat jemgyýetiniň gatnaşyjylarynyň arasynda konwensiýa ulgamynyň dogry düşünilmegine we netijeli amala aşyrylmagyna ýardam bermek möhümdir. Çäreleriň çäginde we her bir hyzmatdaşyň zerurlyklaryna we ileri tutýan ugurlaryna baglylykda sebitleýin we milli derejede aşakdaky çäreler gurnalýar:

  • Kanuny gözden geçirme we bahalandyrma;
  • Teklipleri we neşirleri taýýarlamak;
  • Özara deňdeş alyş-çalyşlar, konferensiýalar, seminarlar, iş toparlary we ş.m.
Habarlar
Back

Error