Back Çäreleri guramaklyga halkara tender bäsleşigi

Çäreleri guramaklyga halkara tender bäsleşigi

Ýewropa Geňeşi Ýewropa Bileleşiginiň/Ýewropa Geňeşiniň bilelikdäki Merkezi Aziýada kanunyň hökmürowanlygy Maksatnamasynyň çäklerinde Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Türkmenistanda we Özbegistanda çäreleriň guramaçylygyna logistiki goldaw berjek hyzmatlary berijileri gözleýär.

Hyzmatlary berijiler bäş Merkezi Aziýa ýurtlarynda çäreleri guramak boýunça dürli hyzmatlary bermek boýunça şertnamalary baglaşmaly.

Has jikme-jik maglumat üçin her bir ýurda degişliligi boýunça Hyzmatdaşlyk namasyny (Act of Engagement) we Tender resminamalary bilen tanyşmagyňyzy haýyş edýäris (resminamalaryň ikisi hem diňe iňlis dilinde):

Tender ýüz tutmalary Ýewropa Geňeşine elektron görnüşde iberilmeli. Berilmeli ähli zerur resminamalar, Tender resminamalarynda beýan edilen.

Elektron nusgalar diňe [email protected] elektron salgysyna iberilmeli, hatyň temasynda Tender resminamalarynda berlen tender belgisi görkezilmeli. Başga elektron poçtalaryna iberilen tender ýüz tutmalary hasaba alynmaz. Tender ýüz tutmasyny ibermegiň soňky möhleti 2023-nji ýylyň 13-nji iýuny 23:59 CET (Merkezi Ýewropa wagty).

Strasburg 2023-nji ýylyň 23-nji maýy
  • Diminuer la taille du texte
  • Augmenter la taille du texte
  • Imprimer la page

Sosial ulgamlar
Biziň bilen habarlaşyň